
52
UMUMADAMZAT BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri, şeýle-de halkara guramalary bilen ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidilýär. Şunda iň iri, abraýly halkara guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan strategik ähmiýetli, köpugurly gatnaşyklar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir» diýip belledi. Ýakynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen alyp barýan umumadamzat bähbitli gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda möhüm ähmiýetli waka boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudan-da, taryh ýagşyny ýamandan, haýry şerden saýlap, hakykaty iru-giç ýüze çykarýar. Şunda il-günüň, tutuş dünýäniň bähbidine bitirilen işler ynsanyýetiň aňynda müdimi orun alýar. Şeýle işleri amal eden beýik ynsanlar bolsa elmydama ýagşylykda ýatlanýar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň netijesinde umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda üstünlikli guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem bu hakykaty doly aýdyňlygy bilen tassyklady. Mälim bolşy ýaly, Awaza forumyna gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler hemişelik Bitarap Watanymyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi.Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, ýakynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda: «BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 57 döwletiň awtordaşlygynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi barada gelip gowşan şatlykly habar hem döwletimiziň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar» diýlip bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, onuň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizilip, hususan-da, «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna» gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan, Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu abraýly halkara guramanyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygyny, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Yhlas Hallyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 23.10.2025ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/212673