76
Şanly ýylyň şygary — üstünliklere badalga
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde institutyň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Maslahatyň başynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýerine ýetirildi. Edebi-sazly kompozisiýada Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, dost-doganlyk ýörelgeleri, ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary beýan edilýär.
Soňra maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekili Jalpa Ratna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Ýeri gelende bellesek, bu eser halkymyzyň asyrlaryň dowamynda gazanan tejribesini we kämil ynsanperwer ýörelgelerini, bütin dünýäde ykrar edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň çeper beýanyny özünde jemleýär. Şeýle hem çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler.
Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýändigi çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar kabul edildi. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän daşary syýasatyna ýokary baha berýändiginiň nyşanydyr.
Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary şanly wakalara aýratyn öwüşgin çaýdy. Joşgunly çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.