80
«PARFIÝA-RIM DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHY» ATLY TEGELEK STOL DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda «Parfiýa-rim diplomatiýasynyň taryhy» atly duşuşyk geçirildi. Oňa institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Tegelek stol duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Italiýa saparynyň ähmiýeti, Beýik Ýüpek yolunyň ugrunda ýerleşen Nusaý şäheriniň halklaryň söwda, diplomatik, medeni gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolandygy, Rim we Hytaý ýaly uly imperiýalaryň arasynda ýerleşen gadymy Parfiýa ýurdunyň Günbatar bilen Gündogar ýurtlarynyň özara gatnaşygyndaky möhüm orny barada ginişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlar baý mazmunly hem-de örän täsirli boldy.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen oňa gatnaşanlara yüzlendiler. Bu täsirli duşuşyk ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik, başarjaňlyk ruhunda terbiýelemek üçin uly ähmiýeti eýe boldy.
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
24/10/2025
«Kitap marafonynyň» ýeňijileri sylaglanyldy
24/10/2025
ŞANLY SENELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT
24/10/2025
ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI