16/04/2026
63
SANLY ULGAM ARKALY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 15-16-njy apreli aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlardyr talyplar, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden bilermenler Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk, milli we bütindünýä mirasy goramaga gönükdirilen tagallalar, döwletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşi we olaryň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny, ýaşlaryň medeni, ynsanperwer we hukuk gatnaşyklaryndaky orny barada çykyş etdiler.
Halkara maslahat “Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny”, “Halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşi”, “Taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň meseleleri” diýlip atlandyrylan bölümçelerde öz işini dowam etdi.
Gülzada ANNASÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.