51
SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN YLMY SEMINAR
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Ylmy işgärleriň halkara şahsy autentifikasiýa ulgamlary” atly ylmy seminary geçirildi. Ylmy seminar “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly halkara reýtingleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň dowamynda halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmeleri (platformalar), olarda indekslenýän žurnallarda makalalary çap etmek, dürli bibliometrik görkezijiler bilen bagly düşünjeleri artdyrmak boýunça okuw-usuly maslahatlary we seminarlary geçirmegiň tertibine” laýyklykda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Onuň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň yzygiderli artýandygy, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigi, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygy, ýurdumyzda ylym ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigi barada nygtadylar.
Ylmy seminarda mugallymlaryň, hünärmenleriň halkara derejeli neşirlerde makalalaryny çap etmegiň usullary, makalanyň taýýarlanylyşynyň ähmiýeti we onuň dünýäniň ylym jemgyýetçiliginde wajyplygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Guralan seminar diňleýjileriň nazary bilimleriniň kämilleşdirilmeginde, döwrebap ylmy-tehnologik tilsimleri hem-de öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini özleşdirmeklerinde ähmiýetlidigini görkezdi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.