28/05/2024
751
BIOLOGIÝA KÖPDÜRLÜLIGINIŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Biologiýa köpdürlüliginiň Halkara gününiň baýram edilmegi mynasybetli BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty talyplaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş gün tertibini durmuşa geçirmäge talyplary çekmek maksatly geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Aral deňzi basseýninde ýokary tebigy gymmatlyga eýe bolan ekosistemalary we ýer serişdelerini goramak we durnukly dolandyrmak” boýunça taslamasynyň hünärmenleri Biologiýa köpdürlüligi baradaky BMG-niň Konwensiýasy we ekosistemalary dolandyrmakdaky ekosistema ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar, olaryň durnukly ösüş üçin ähmiýetiniň möhümdigini belläp geçdiler. Aral taslamasynyň başlangyçlaryna, Türkmenistanyň çägindäki Aral zolaklarynda ekosistemalary we bioköpdürlüligi saklamaga gönükdirilendigine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda agzalan temalara degişli wiktorina geçirildi. Wiktorinada talyplar öz başarnyklaryny görkezip, baýraklar bilen sylaglandylar.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.