338
«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – UMUMADAMZAT ÝÖRELGESI» ATLY HALKARA MASLAHATY
2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat ýörelgesi» atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň agzalary, institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar.
Maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň giriş sözi bilen başlady. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Belarus Respublikasynyň ÝUNESKO Klublar Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Subselny, Gazagystan Respublikasynyň ÝUNESKO Klublarynyň Milli Federasiýasynyň wise-prezidenti Sabina Akžarowa, Russiýa Federasiýasynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada toparynyň ýanyndaky ÝUNESKO klublarynyň akkreditasiýasy boýunça komitetiniň başlygy Lýudmila Sawiçewa, Täjigistan Respublikasynyň ÝUNESKO Klublarynyň Milli Federasiýasynyň wekili Rizo Sadykow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň milli toparynyň Bilim komitetiniň wise-prezidenti Mustafa Sewer, Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň Žurnalistika we kommunikasiýa kafedrasynyň müdiri Oruntaý Oşanowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri Bike Diwangulyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa dagylaryň çykyşlary diňlenildi.
Bilşimiz ýaly, BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň konwensiýasyna gol çeken gününden bäri onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda işleri alyp barýar.
Çykyşlarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry hasaplanylýandygy, şol syýasatyň düýp esasynda bolsa, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesiniň durýandygy hem-de özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirkizaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze derejelere çykarylýandygy we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygy barada bellenildi. Bulardan başga-da, halkymyzyň medeni gymmatlyklary hasaplanýan, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç, Nusaý we Merw taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň döreden, şeýle-de bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapan halyçylyk sungaty halkara derejesinde ykrar edilendigi barada nygtalyp geçildi. Halkymyzyň maddy däl medeni gymmatlyklary, edebi we taryhy çeşmeleri giňden öwrenilip dünýä ýaýyldy. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri-daşary syýasatynyň we pähim-paýhasynyň netijesinde amal edilen bu işler halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, bagtyýar raýatlarymyzyň, belent ruhly ýaşlarymyzyň ata Watana, ene topraga, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýollaryna bolan çäksiz hormatynyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy.
Çäräniň ahyrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat ýörelgesi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.