05/12/2025
83
«Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat
2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň žurnalistika ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli daşary syýasatynyň ýurdumyzyň sebitde hem-de halkara giňişliginde durnukly ösüşi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge mümkinçilik berýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň ynanyşmak, özara hormat goýmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň dünýä derejesinde giňden goldaw tapýandygy nygtaldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarynyň eden çykyşlarynda ýurdumyzyň parahatçylyk syýasatynyň ykdysady, durmuş, ekologik we medeni ugurlarda gazanan üstünlikleri ylmy nukdaýnazardan beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler parahatçylyk diplomatiýasynyň döwletleriň arasyndaky ynamy üpjün etmegiň ählumumy abadançylyk üçin zerur şert bolup durýandygyny bellediler. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda durmuşa geçirýän halkara başlangyçlarynyň dünýä parahatçylygyna goşýan goşandy baradaky ylmy seljerme çykyşlary ylmy-amaly maslahatyň täsirliligini artdyrdy.
Kakamyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.