Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy surady
    30/11/-0001

    920

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy

    2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Deli soltanlygynyň, Kutubşa, Sefewi we Owşar türkmenleriniň döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzuga bagyşlanyldy. Akyl-paýhas bäsleşiginden bir gün öň, ýagny 19-njy maýda oňa gatnaşyjylar bilen Garaşsyzlyk binasyna ýörite gezelenjiň guralyp, ol ýerde institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan türkmen taryhynyň beýik şahsyýetleri barada mekdep okuwçylaryna gürrüň berilmegi olarda uly täsir galdyrdy. Hususan-da, mugallymlaryň Beýik Mogollar imperiýasynyň taryhynda uly orun eýeleýän Baýram han Türkmen baradaky gürrüňleri ýaşlaryň şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Şeýle-de bäsleşigiň öňýanynda bäsleşige gatnaşyjy mekdep okuwçylary institutyň okuw studiýasynda bolup, ol ýerde işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar. Akyl-paýhas bäsleşigi üçin ýörite gurlan Ak öýüň bu gezek Deli soltanlygynyň, Kutubşa, Sefewi we Owşar türkmenleriniň döwletleriniň geçmişine degişli taryhy esbaplar, suratlar, kartalar bilen bezelendigini nygtap geçmegimiz gerek.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnuna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meňli Çaryýewa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Babakuliýewa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Musa Ýusupow, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Hudaýbergenowa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýşat Hanowa, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki Meretgeldi Garaýew adyndaky 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülnara Myradowa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Intizar Tagannyýazowa gatnaşdylar.
    Ýokarda agzalan türkmen döwletleriniň taryhyna, alyp baran daşary syýasatlaryna degişli sowallaryň aglabasyna mekdep okuwçylarynyň takyk we giňişleýin jogap berip bilmekleri olaryň öňünden maslahat berlen edebiýatlary yhlas bilen özleşdirendiklerine güwä geçýär. Ýeri gelende belläp geçsek, 8-nji oýna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow, TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň Täze we Garaşsyzlyk döwrüniň taryhy bölüminiň müdiri Kakabaý Amanmyradow dagy adalatly eminlik etdiler. Örän çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Intizar Tagannyýazowa ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Balşeker» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýeti, «Altyn» marketi hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edilen 8-nji oýna ýakyn günlerde tomaşa edip bilersiňiz.
    Mätgurban MÄTGURBANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI