601
«HALKARA HYZMATDAŞLYK: PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEGIŇ KEPILI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýokary derejeli wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen halkara gün tertibinde duran strategiki taýdan möhüm meseleler we wezipeler boýunça maksatlaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmeklige, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaklyga gönükdirilen halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda sebit we global derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň we netijeli gatnaşmak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň durnukly ösüş, energiýa we ulag hyzmatdaşlygyny üpjün etmek boýunça derwaýys we hemmetaraplaýyn esaslandyrylan teklipleri diňe bir milli derejede däl, eýsem, sebit we global ösüşiň geljegini öz içine alýar. Şu jähtden BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny, munuň bolsa ýurdumyza Baş Assambleýanyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji, 79-njy maslahatlarynyň wise-başyklygyna saýlanylmagyna mümkinçilik berendigini belläp geçmek gerek. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasynda hem dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri babatynda aýdyň we esaslandyrylan teklipleri öňe sürdi.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar. Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň giriş sözi bilen başlady. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň çykyşlary diňlenildi.
Onda çykyş eden daşary ýurtly wekiller hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününde gatnaşmagynyň we onda çykyş etmeginiň diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm ädim bolandygyny bellediler.
Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Hususan-da, çykyşlarda nygtalyşy ýaly, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.
Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygynyň wajyp orny hem-de onuň mümkinçilikleriniň zerurlygy has äşgär ýüze çykýar. Halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda derwaýys ugur bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, umumydünýä wehimlerine netijeli garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmekde bitaraplygyň gurallaryndan hem-de mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagy teklip edýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk hemişe halkymyzyň özboluşlylygynyň esasyny düzüpdi we şeýle bolmagynda-da galýar.
Maslahatyň ahyrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärä gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.
Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz: