90
“Parahatçylyk we ynanyşmak – netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgesi” atly iňlis dilindäki breýn-ring bäsleşigi geçirildi
2025-nji ýylyň 21–22-nji oktýabry aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak – netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgesi” atly breýn-ring bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçirildi.
Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden düzülen toparlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmegini, şeýle-de ýaşlaryň iňlis dilindäki sözleýiş başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýokary dereje görkezip, birinji orna mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan toparyň agzalary we jogapkär mugallymlary ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan diplomlar gowşuryldy.
Laçyn TEKEDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.