30/10/2024
767
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsüme badalga berildi
2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi.
Bilşimiz ýaly, Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň saýlap alyş test synaglaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýokary synp mekdep okuwçylarynyň 800-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy, olaryň Bitarap Watanymyzyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu möwsümiň I saýlama oýny «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: şöhratly taryhdan geljege tarap» atly tema bagyşlanyldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň I saýlama oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Sanjar Şöhradow, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maýsa Allanazarowa, Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Yhlas Agöýliýew, Aşgabat şäheriniň 98-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Timur Maşaripow, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 46-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähri Durdynazarowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kürmämmet Nobatow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Şyhyýewa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýgül Amangeldiýewa dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň I saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Şamuhammet Akmyradow dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Yhlas Agöýliýew we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Şyhyýewa ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň I saýlama oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy hemaýatkärlik etdiler.Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň I saýlama oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby,
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň
I we II möwsümleriniň ýeňijisi.