17/10/2023
2020
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsüm badalga aldy
2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň III möwsüminiň seçip alyş test synaglaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýokary synp mekdep okuwçylarynyň 600-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň her ýylda birnäçe esse artmagy bir tarapdan parahatçylygyň ýurdy we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan döwletimiziň bu günki ýaş neslinde diplomatiýa hünärine bolan höwesiň ýokarlanýandygyny alamatlandyrsa, ikinji tarapdan geçen möwsümlerde oňa gatnaşan zehinli mekdep okuwçylarynyň soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby bolmaklarynyň mekdep okuwçylaryny şeýle üstünlige ruhlandyrýandygyny ýüze çykarýar. Sözümize mysal hökmünde aýtsak, akyl-paýhas bäsleşiginiň I möwsüminiň gatnaşyjylarynyň 9-sy, II möwsüminiň gatnaşyjylarynyň 11-si häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde bilim alýar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ahyrynda, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabara bilen belleniljek ýylda tamamlanjak III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Onuň I saýlama oýnunyň temasy bolsa «Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklar» diýlip atlandyryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýnuna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mergen Meläýew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Parahadow, Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Süleýman Nurýagdyýew, Aýperi Guwanjowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Jemal Hallyýewa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Medine Gulberdiýewa dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew dagy adalatly eminlik etdiler.
Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa hem-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew I saýlama oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýnuna Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de «Düwmejik» hususy kärhanasy hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
https://turkmenportal.com/tm/blog/68583/parahatchylygyn-yash-chaparlary-akylpayhas-basleshiginin-iii-mowsuminin-i-saylama-oyny-gechirildi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesiginin-iii-mowsuminin-ilkinji-oyny-gecirildi/
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR