27/12/2021
749
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi
21-nji dekabrda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan gurnalýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Akyl –paýhas bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» atly bölüme bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyry Oguz han eýýamynyň ruhuna esaslanyp, institutymyzyň eýwanynda ýerleşdirilen ak öýüň içinde geçirilipdi. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň başynda mekdep okuwçylary bilen «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýine» gezelenç guraldy. Döwlet muzeýiniň Antik taryhy bölümindäki gezelenjiň dowamynda bäsleşige gatnaşyjy mekdep okuwçylar gadymy Nusaýyň çäginden tapylan dürli arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okuwçylaryň ilki duran nokadyndan «Oguz hanyň altyn ýaýyna» çenli 5 göçüm bolup, sowallara dogry jogap beren okuwçy ýaýa tarap 1 göçüm göçmäge hukuk gazanýar. Okuwçylar 4 gezek «Sowallar sandygyndan» sowal çekenlerinden soň, dogry jogap berenler öňe saýlanyp, beýleki okuwçylar öz başlangyç nokatlaryna gaýdyp barýarlar. Sowallaryň 5-nji öwrümi diňe öňe saýlanan okuwçylara berilip, olaryň 2-si bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edilýär.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyryna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbinyýaz Rahmanowa, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Pena Serdarow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Bikejemal Annanurowa, Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Myradow, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa, Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hydyr Ýylkybaýew hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnabat Hydyrowa gatnaşdy.
Bäsleşigiň ikinji tapgyry başlanmazdan ozal institutymyzyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew oňa gatnaşyjylaryň öňünde, ýurdumyzyň alyp barýan parahat söýüjilikli daşary syýasatynyň ähmiýeti, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň tutuş adamzada derwaýys çagyryş bolup ýaňlanandygy, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen täze — «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly diplomatik pelsepäniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanandygy, iň jogapkärli kärleriň biri bolan halkaraçy hünärmen bolmak üçin esasy bildirilýän talaplar barada çykyş etdi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň Senasy Ärsak şanyň türkmen kowmuna pendi atly goşgy bilen ýaňlandy. «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow dagy bolup, olar bäsleşige adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň netijeleri boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa ikinji tapgyryň ýeňijileri diýip yglan edildi hem-de bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Çeşme şu ýerden alnan:
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR