1014
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň IV oýny geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň IV oýny geçirildi. «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu bäsleşigiň IV oýnunyň temasy «Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary» diýlip atlandyryldy. Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň IV oýnunyň temasy bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary üçin umumy okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatr we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Çaryýew çykyş edip, Ariýleriň we Hindistanyň taryhy, diplomatiýasy we medeniýeti, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhy kökleri barada gürrüň berdi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň IV oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Dilber Gurbanowa, Aýly Garlyýew, Taňryguly Geldimämmedow, Dinara Çaryýewa, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Aýnabat Allanowa, Resul Dowwaýew, Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Maýsatäç Halmyradowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Weýselhajy Nureddinow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Atajan Geldibaýew, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ejeke Jumaýewa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Arslan Annaýew, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülendam Batyrowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Leýli Ýagşymyradowa hem-de Azat Amansähedow dagy gatnaşdylar. Bäsleşigiň geçirilen gününde okuwçylar ýokary okuw mekdebiniň çäginde ýerleşýän «Hindi burçuna» baryp gördüler. Mahmal owazly aýdymçylar tarapyndan oýnuň başynda ýerine ýetirilen hindi aýdymlary bäsleşigiň joşgunly geçmegine özboluşly itergi berdi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň IV oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatr we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Çaryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew dagy adalatly eminlik etdiler.
Uly ruhubelentlige beslenip, gyzgalaňly geçen bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Taňryguly Geldimämmedow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Weýselhajy Nureddinow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow, Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow dagy IV oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Geljege miras» hususy kärhanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň IV oýny «Miras» teleýaýlymy bilen okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
Gadymy Ariý we Hindi siwilizasiýalaryna bagyşlanan oýun - InAshgabat
https://turkmenportal.com/tm/blog/59808
https://turkmengazet.com/yas-zehinleri-yuze-cykarmagyn-parasatly-yoly-fotogalereya/
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR