Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEKDE BILELIKDÄKI HEREKETLER» ATLY HALKARA MASLAHATY
    «PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEKDE BILELIKDÄKI HEREKETLER» ATLY HALKARA MASLAHATY
    «PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEKDE BILELIKDÄKI HEREKETLER» ATLY HALKARA MASLAHATY
    «PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEKDE BILELIKDÄKI HEREKETLER» ATLY HALKARA MASLAHATY
    «PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEKDE BILELIKDÄKI HEREKETLER» ATLY HALKARA MASLAHATY
    11/12/2024

    1498

    «PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI BERKITMEKDE BILELIKDÄKI HEREKETLER» ATLY HALKARA MASLAHATY

    2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki hereketler» atly halkara maslahat geçirildi.
    Halkara maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Özbegistan Respublikasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri degişli mowzuklar dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem bu halkara maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdirildi. Hususan-da, «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň esasy hökmünde durnukly ösüş» atly 1-nji bölümçe, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň we halkara guramalaryň arasynda ynanyşmak» atly 2-nji bölümçe, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Ynanyşmagy berkitmekde innowasion çemeleşme» atly 3-nji bölümçe geçirildi.
    «Halklaryň we halkara guramalaryň arasynda ynanyşmak» atly bölümçä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu bölümçede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Gyzyl haç halkara komitetiniň sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç, Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory Beata Andres, ÝUNESKO-nyň sebit edarasynyň direktory Amir Piriç, Estoniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Ora, BMG-niň Syýasy meseleleri we parahatçylygy dörediji meseleleri Departamentiniň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça bölüminiň uly syýasy geňeşçisi Akylbaý Ýeleusizow, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger, Aziýa we Ýuwaş ummany babatda Bosgunlar meseleleri boýunça BMG-niň Ýokary Komissarynyň Sebit Dolandyryjy edarasynyň Direktorynyň orunbasary Ýukiko Iriýama dagy çykyş etdiler.
    Çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýetini, onuň dünýä derejesindäki meseleleriň çözülmegine goşýan goşandyny aýratyn belläp, ähli maslahata gatnaşyjylary we türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar.
    Maslahatyň dowamynda türkmen tarapyndan öňe sürlen we umumy howpsuzlyk, parahatçylyk hem-de durnukly ösüş, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag diplomatiýasy, ekologiýany goramak we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ýaly meseleleriň çözgüdine gönükdirilen başlangyçlar dogrusynda bellenilip geçildi. Hususan-da, çykyş edenler 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly rezolýusiýalary barada nygtalyp geçildi.
    Halkara maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar parahatçylygyň we howpsuzlygyň, abadançylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda yhlasly zähmet çekýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tutýan tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

    Arslan SYÝAHATOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI