444
Öňüni alyş diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat
2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Öňüni alyş diplomatiýasy – sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm faktory ” atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda talyplar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler.
Maslahatda oňa gatnaşyjylar talyplar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýtdylar.
Gülnar ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
III ýyl talyby.