05/02/2025
46
Onlaýn okuw maslahaty geçirildi
- 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda «2025-nji ýyl − Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepleriň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň agza mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn arkaly gatnaşdylar. Onlaýn sapagyň açylyşynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, «Dermanlyk ösümliklerimiz ¬– saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy Merjen Berdiýewa şeýle hem, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.T.Rüstemowa dagy çykyş etdiler.
- Onlaýn okuw sapagy iki bölümden ybarat bolup, onuň I bölüminde «Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim özgertmeleri» atly çykyşy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa, II bölüminde bolsa «Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň milli torunyň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara tejribelerden peýdalanmak» atly çykyşy bilen ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň müdiri Ş. Waliýewa dagy çykyş etdiler. Şeýle hem edilen çykyşlaryň dowamynda sorag-jogaplaryň alynmagy bu okuw sapagyny has hem berkitdi.
- Aýläle HEMRANAZAROWA,
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
- Halkara gatnaşyklary institutynyň
- Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.