07/09/2023
1219
Myradyna ýeten arzuwlar
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimizde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ägirt uly işleriň biri hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamgynda hereket edýän “Ýaş diplomatlar” mekdebi tarapyndan ýylyň ýylyna guralýan “Parahaçlygynyň ýaş çaparlary ” atly akyl-paýhas bäsleşigidir. Meniň hem geçen okuw ýylynda şu abraýly bäsleşigiň II möwsüminiň III oýnuna gatnaşyp ýeňiji bolmagym ýurdumyzdaky iň abraýly –türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde talyp bolmagyma itergi berdi. Bu günki gün şol beýik işlerden ruhlanan türkmen ýaşlary rowaçly maksatlaryň myradyna gowuşýar.
2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” talyp atly buýsançly ada mynasyp bolmak maňa hem miýesser etdi. Bu ýyl meniň durmuşumda ýatdan çykmajak wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Çünki men bu okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri ” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda biologiýa dersi boýunça III orna, hem-de şol bäsleşikleriň çäginde geçirilýän taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginde biologiýa dersinden höweslendiriji orny eýelemegi başardym. Şeýle-de, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan geçirilen biologiýa dersi boýunça bäsleşikde II orna, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guranagynda 11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen ekologiýa dersi boýunça bäsleşikde I orna, ýene şol ders boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň guramagynda 10-11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde I orna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirýetiniň hem-de “Güneş” žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” atly döredijilik bäsleşiginde hormat haty bilen sylaglandym.
Ýurdumyzda ýaş nesiller üçin halkara derejesindäki bäsleşiklerede gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Men hem şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2022-nji ýylda geçirilen Halkara Mendel olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldum.
“Soňky jaň ” dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen dabarada Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmagym meniň göwün guşymy ganatlandyrdy.
Munda beýläk hem bilimimi yhlasymy gaýgyrman, okuwymy dowam edip Watanymyza gerekli, ilhalar adam bolup ýetişjekdigime sizi ynandyrmak isleýärin.
Türkmen ýaşlarynyň nurana geljegi üçin uly tagallalar edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Sahydöwlet Hümmetjumaýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa fakultetiniň I ýyl talyby.
“Parahaçlygynyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň III oýnunyň ýeňijisi
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR