25/06/2026
91
«MERKEZI AZIÝADA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK (CAREC)» MAKSATNAMASYNYŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI BARADA MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň ykdysady ähmiýeti barada maslahat geçirildi. Oňa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy N.Meredow alyp bardy. Onuň dowamynda Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan sebitleýin taslamalaryň, aýratyn-da ulag-logistika, söwda we energetika ugurlarynyň ykdysady ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň sebit derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ykdysady strategiýasynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Okuw sapagy täsirli bolup, talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogaplary aldylar.
Aýjemal TOWÇAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler