05/11/2026
71
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINDE EMELI AŇYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI
2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ykdysadyýetinde emeli aňyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Didar Hydyrow alyp bardy. Oňa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda emeli aňyň häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ulanylyş mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Mugallym sanly tehnologiýalaryň ykdysady ösüşe, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we dolandyryş işlerini kämilleşdirmäge goşýan goşandyny düşündirdi.
Maslahatyň dowamynda talyplar bu ugurdaky soraglaryny berdiler, pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle ylmy-amaly maslahatlar geljekki hünärmenleriň häzirki zaman tehnologiýalary baradaky bilimlerini artdyrmaga, ylmy gyzyklanmalaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Sülgün ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby