12/11/2026
89
«EMELI AŇ YKDYSADY PUDAKLARDA» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda «Emeli aň ykdysady pudaklarda» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Bu okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Nazar Meredow alyp bardy.
Okuw sapagynda Nazar Meredow ykdysady pudaklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde emeli aňyň orny, maglumatlary seljermekdäki mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, ykdysadyýetde halkara tejribeleri mysal getirip, öňdebaryjy ýurtlarda bu ugurda alnyp barylýan innowasion işler bilen tanyşdyrdy.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Aýlar JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby