11/11/2026
97
«GARAŞSYZ DÖWLETLER ARKALAŞYGYNYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY GEŇEŞINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşiniň ykdysady ähmiýeti» atly ylmy seminar geçirildi.
Ylmy çäräniň esasy maksady Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşiniň ähmiýetini ylmy nukdaýnazardan seljermekden, onuň halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybarat boldy.
Seminary Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy Sülgün Nepesowa alyp bardy. «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşiniň ykdysady ähmiýeti» atly ylmy seminara Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşyp, onuň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de kabul edilýän çözgütleriň ykdysady hyzmatdaşlyga ýetirýän täsiri, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti we döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Çärä gatnaşyjylar, özara tejribe we pikir alyşmak bilen, temanyň möhüm ugurlary boýunça ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler. Geçirilen ylmy seminaryň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenmekde, gatnaşyjylaryň nazary bilimlerini baýlaşdyrmakda hem-de häzirki döwrüň möhüm ykdysady we syýasy wakalaryna ylmy taýdan baha bermekde ähmiýeti has-da uly boldy.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatda alyp barýan ähli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Leýli PIRIMKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby