03/12/2025
347
MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Durnukly ykdysady ösüş ýolunda Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Haljanowyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Y.Ýaraşowyň, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşarky bazarlaryň haryt dolanyşygyny öwreniş bölüminiň başlygy B.Berdiýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Maglumat tilsimatlar müdirliginiň Tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy G.Şyhlyýewiň çykyşlary diňlenildi. Ylmy maslahatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşiginiň» birinji sammitinde, «Merkezi Aziýa – Italiýa» birinji sammitinde, «Merkezi Aziýa – Hytaý» ikinji sammitinde, «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitinde we «Merkezi Aziýa – Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammitlerinde şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda häzirki zamanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ykdysady ösüşiň ähmiýeti we täsiri barada köp sanly çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň umumy mejlisinden soň «Merkezi Aziýada ýaşlar – ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir» atly bölümçede çykyşlar edildi. Onda şu ýylyň sentýabr – noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň (Astana, Daşkent, Duşenbe, Bişkek) şäherlerindäki ilçihanalarynda önümçilik tejribeligini geçen 5-nji ýyl talyplaryň çykyşlary diňlenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň uly mugallymy.