
18/03/2025
68
Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň halkara başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegine we türkmen diplomatiýasynyň görnükli wekillerine bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi. Oňa institutda hereket edýän “Ýaş diplomatlar” mekdebiniň garamagyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy. Okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew çykyş etdi.
Halypa mugallym öz çykyşynda taryhda halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy we agzybirligi berkitmekde diplomatiýany ussatlyk bilen ulanmagy başaran meşhur türkmen hökümdarlary we diplomatlary dogrusynda gürrüň berip, gazanylan taryhy tejribäniň bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara arenasynda alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynda öz beýanyny tapýandygy hakynda belläp geçdi.
Sözüniň soňunda halypa mugallym ýurdumyzyň halkara başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmeginiň ähmiýetine üns çekip, ata-babalarymyzyň diplomatiýada gazanan oňyn tejribesini durmuşa geçirýän Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtady.
Okuw sapagy mekdep okuwçylaryna ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasaty, türkmen milli diplomatiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen diplomatlary we olaryň gazanan üstünlikleri babatda özleriniň bilimlerini artdyrmaga ýardam etdi.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

18/03/2025
ÖKDELER ÖŇE SAÝLANDY
17/03/2025
Makala bäsleşiginiň jemleri jemlenildi