Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    08/01/2026

    1323

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri

    2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşan myhmanlar bu ýerde guralan sungat eserleriniň sergisini synladylar. Onda türkmen suratkeşleriniň akyldar şahyrymyza, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan ruhlanyp, milli gymmatlyklarymyza, gözel tebigatymyza, eziz Diýarymyza bagyşlap döreden eserleri giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Ussatlyk bilen döredilen eserleriň sergisi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
    Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Nargül Ataşewanyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Läle Aşyrowanyň çykyşlary diňlenildi.
    Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň Rumyniýanyň Babeş-Bolýaý uniwersitetiniň Türkologiýa merkezi tarapyndan rumyn diline terjime edilendigini bellediler. Akyldaryň döredijiliginiň diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, ähli adamzat üçin gymmatly, ynsanperwerlik we filosofik pikirleri özünde jemleýän mirasyň umumadamzat ähmiýetini görkezýän şahyrdygyny nygtadylar.
    2024-nji ýylda ata Watanymyzda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy, ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasatynyň dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendigini görkezdi.
    Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna dünýä ýüzünde goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
    Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä dillerine terjime edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerinde öwrenilýän akyldaryň eserleri umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.
    Ýurtlary parahatçylyga, agzybirlige çagyran Magtymguly Pyragynyň eserlerindäki pähimleriniň giňden wagyz edilmegi häzirki günde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna goşan goşandy bu günki günde dünýä ýüzünde öwrenilýär, halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolýan beýik işler dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär.
    Milli medeniýetimizi, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Miwe NABATOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/102258/magtymguly-pyragynyn-rumyn-diline-terjime-edilen-gosgular-yygyndysynyn-tanysdyrylys-dabarasy-gecirildi
    https://turkmenportal.com/tm/news/97817-stihi-mahtumkuli-fragi-izdany-na-rumynskom-yazyke
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/222111
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/12/articles/222373


    Soňky täzelikler

    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän  «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç surady

    29/12/2025

    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç
    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi surady

    22/12/2025

    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy surady

    07/12/2025

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI