Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby / Magtymguly Pyragy - halkymyzyň şamçyragy
    Magtymguly Pyragy - halkymyzyň şamçyragy surady
    13/10/2023

    3054

    Magtymguly Pyragy - halkymyzyň şamçyragy

    Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär.
    Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä tanalan, özüniň şygyrlary bilen adyny ýüreklere nagyşlan umumadamzat şahyrydyr. Bu gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä ýaň salýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna goşuldy. Bu hödürnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde taýýarlanyldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ýokarda agzalan halkara sanawa biziň ýurdumyzdan girizilen ilkinji ýazuw ýadygärligidir.
    2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabadyň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna goşulandygy barada şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Bu çärä BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, şeýle hem professorlar we talyplar gatnaşdylar.
    2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan ýokary sylagyň hem-de onuň dürdäne şygryýetine goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr. Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly pelsepesi ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar.
    Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

    Intizar TAGANNYÝAZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    Turkmenistan Expands Cooperation with Kazakhstan through UNESCO surady

    17/04/2025

    Turkmenistan Expands Cooperation with Kazakhstan through UNESCO
    Onlaýn okuw maslahaty geçirildi surady

    05/02/2025

    Onlaýn okuw maslahaty geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI