21/06/2024
688
«Magtymguly Pyragy — adamzat abadançylygynyň waspçysy» atly ylmy-amaly maslahat
2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragy — adamzat abadançylygynyň waspçy şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Geçirilen ylmy-amaly maslahat umumy mejlisden we dört bölümçeden ybarat boldy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragy öz eserleri bilen edebi mirasymyza we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň beýik danasy hem-de milli buýsanjydygyny nygtap geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjeginde söz ussadynyň ägirt uly ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň hatarynda orun aldy. Söz sungatyna halklary parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan, ynsanperwerligi ündeýän iň uly güýç hökmünde baha berip, şeýle ägirt uly binagärlik taslamalarynda türkmen paýhasynyň, ruhunyň ebedileşdirilmegi Ýer ýüzünde medeni diplomatiýanyň rowaçlanmagyna-da özboluşly goşantdyr. Soňky ýyllarda şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejede giňden bellenilip geçilýär. Üstümizdäki ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçirilýär. Ýakynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bularyň ählisi dana şahyrymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.