Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR...» ATLY HALKARA ONLAÝN WIKTORINA YGLAN EDILDI!
    «MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR...» ATLY HALKARA ONLAÝN WIKTORINA YGLAN EDILDI! surady
    02/05/2024

    3482

    «MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR...» ATLY HALKARA ONLAÝN WIKTORINA YGLAN EDILDI!

    Magtymguly Pyragynyň ömrüne we dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorinanyň
    DÜZGÜNNAMASY

    I. Bäsleşigiň esasy maksady
    Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine goýýan belent sarpasyny, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmek babatda alyp barýan nusgalyk işlerini halkara derejesinde giňden dabaralandyrmak, diňe bir milli derejede bolman, eýsem dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň hem dana şahyryň edebi mirasa öwrülen baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaklaryny, çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär.

    I. Bäsleşigiň şerti
    Bäsleşik akyldar şahyryň döredijiliginiň özboluşly şahyrana we baý edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hem-de daşary ýurtly tanymal ýazyjy-şahyrlaryň Magtymguly Pyragy barada aýdanlary, şeýle hem beýik akyldaryň öňe süren umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer ýörelgeleri barada ýazan goşgulary, terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary bilen baglanyşykly 3 dilde (türkmen, rus we iňlis) taýýarlanan test sowallary esasynda geçiriler. Ýeňijiler jogaplaryň dogrulygyna hem-de testi çözmek üçin sarp eden wagtyna görä kesgitlener.

    III. Bäsleşigiň jemi
    Bäsleşigiň jemleri boýunça Baş baýrak we degişli baýrakly orunlary eýelän, şeýle hem tapawutlanan gatnaşyjylar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanylar.
    Wiktorina gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilen «Wiktorina gatnaşyjylar sowalnamasyny» dolduryp, bellige alynmaly. Resmi bellige alyş tertibi 2024-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne sagat 18:00 çenli dowam eder. Bäsleşige resmi hasaba alyşy geçen talyplara bäsleşige gatnaşmak üçin elektron salgy iberiler. Wiktorina 2024-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne sagat 15:00-dan sagat 18:00-a (Aşgabat wagty boýunça) aralygynda geçiriler. Ýeňijiler kesgitlenenden soňra, elektron salgylara degişli hatlar ýollanylar. Olar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň çäklerinde geçiriljek dabaraly çärelerde guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanylar. Şeýle-de halkara onlaýn wiktorinada ýeňiji bolan talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary beýan edilen maglumatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýtynda hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynda çap ediler.

    Habarlaşmak üçin:
    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýty: www.yashlar.gov.tm
    Telefon belgileri: (+993 12) 44-88-73, 44-88-55.

    Çeşme: https://www.yashlar.gov.tm/item/8717 

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: 
    https://iirmfa.edu.tm/tm/sahypa/halkara-onlayn-wiktorinanyn-yenijileri-sylaglanyldy_5249
    https://iirmfa.edu.tm/tm/sahypa/my-great-achievement_4858
    https://iirmfa.edu.tm/tm/sahypa/ayratyn-buysandyryjy-ustunlik_7689

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI