Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Wakalar / Halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri sylaglanyldy surady
    12/06/2024

    1773

    Halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri sylaglanyldy

    2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda — Ylymlar gününde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen halkara onlaýn wiktorina akyldar şahyrymyzyň ömrüne we dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen döredijiligine bagyşlandy. Wiktorina gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 500-den gowragy hasaba alyndy.
    Degişli düzgünnama laýyklykda, wiktorina akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň özboluşly şahyrana we baý edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hem-de daşary ýurtly tanymal ýazyjy-şahyrlaryň Magtymguly Pyragy barada aýdanlary, şeýle hem beýik akyldaryň öňe süren umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer ýörelgeleri barada ýazan goşgulary, terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary bilen baglanyşykly 3 dilde (türkmen, rus we iňlis) taýýarlanan test sowallary esasynda geçirildi. Ýeňijiler jogaplaryň dogrulygyna hem-de testi çözmek üçin sarp eden wagtyna görä kesgitlenildi. Şeýlelikde, oňa gatnaşyjylaryň 35-si ýeňiji diýlip ykrar edildi. Olaryň 6-sy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.
    Halkara onlaýn wiktorinada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary iň ýokary netije görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň 6-sy — Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary: Mätgurban Mätgurbanow, Jahantäç Öwezowa, Batyrmuhammet Orazow, Dünýägözel Çaryýewa, şeýle hem Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary: Serdar Rahymow, Şyhdurdy Şyhyýew dagylar ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri yglan edildi - InAshgabat

    Soňky täzelikler

    “Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi surady

    23/02/2026

    “Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi
    TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY surady

    23/02/2026

    TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY
    Talybymyzyň üstünligi surady

    16/02/2026

    Talybymyzyň üstünligi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI