03/03/2025
952
Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna
bagyşlanan “Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlyk” atly okuw
sapagy geçirildi. Bu okuw sapak BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik
utgaşdyryjysynyň edarasynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek we ösüşi
maliýeleşdirmek boýunça hünärmeni Maksat Keşiýewiň gatnaşmagynda
geçirildi.
Okuw sapagyna institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Hünärmen öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy
ugurlary, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň gatnaşygyny jikme-jik
düşündirdi. Türkmenistany halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk hukuk derejesine
daýanmak bilen,”Dialog – parahatçylygyň kepili” ýörelgesine berk
eýerýändigini belledi.
Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň
maksatnamalaryna we başlangyçlaryna goşan goşandy, şol sanda Durnukly ösüş
maksatlaryna (DÖM) ýetmekdäki işleri, howpsuzlyk, energetika we ulagt
meselelerindäki halkara tagallalara işjeň gatnaşmagy aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň köptaraplaýyn gepleşikleriň ilerledilmegindäki diplomatik
başlangyçlarynyň ähmiýeti bellendi.
Bu okuw sapagy işjeň sorag beren we global hyzmatdaşlygyň geljegi
barada öz pikirleri bilen paýlaşýan talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Aýgözel AMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.