569
«LA NEUTRALITÉ PERMANENTE EST LA BASE DE LA PAIX» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy we 2025-nji ýyl – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biri bolan fransuz dilinde « La neutralité permanente est la base de la paix » atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» ylmy gurnagy tarapyndan guralan bu duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň fransuz dilini öwrenýän talyplary gatnaşdylar.
Duşuşyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşy almak, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan Ýokary hilli bilim maksadyna ýetmek üçin işleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, talyp ýaşlary ylmy-barlag işlerine ugrukdyrmak, talyp ýaşlaryň daşary ýurt dilleri, hususan-da fransuz dili boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak ýaly maksatlardan we wezipelerden ugur aldy.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we magistrantlarynyň BMG-niň resmi dillerinde taýýarlan wideoroligine tomaşa edildi, parahatçylyk, dost-doganlyk, Bitaraplyk barada Gahryman Arkadagymyzyň, öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan agzybirlik ýörelgelerini öňe süren parahatçylygyň hakyky waspçysy, söz ussady, dana Magtymguly Pyragynyň fransuz diline terjime edilen goşgulary çeper okaldy we «Bitaraplyk» temasy boýunça fransuz dilinde prezentasiýalar bilen çykyş edildi.
«Neutralité est à la garde de la paix» atly zehin bäsleşiginde parahatçylyk, dost-doganlyk, Bitaraplyk barada meşhur şahsyýetleriň aýdan sitatalary, daşary syýasat we türkmen-fransuz gatnaşyklary, fransuz dili we edebiýaty, grammatika we dürs ýazuw, Fransiýa Respublikasynyň taryhy, syýasaty, sungaty, logika we täsin faktlar, şeýle hem sport temalaryna degişli soraglara toparlaýyn jogap bermekde talyplar öz ukyp-başarnyklaryny, jebislik, agzybirlik we dostluk häsiýetlerini we öwrenýän daşary ýurt dilini bilişlerini ýokary derejede görkezmegi başardylar.
Duşuşyk talyplaryň ýerine ýetirmeginde parahatçylyk, dost-doganlyk, Bitaraplyk barada türkmen we fransuz dillerindäki aýdymlar we sazlar bilen utgaşyp gitdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirmeginde «Dünýä dursun parahat!» aýdymy bilen jemlenen döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine ýokary hünärli, ähli taraplaýyn bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmäge, daşary ýurt dillerini içgin öwrenmäge we talyp ýaşlaryň hünär endiklerini has hem kämilleşdirmäge döredýän mümkinçilikleri we şertleri üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ogulbeg GAZAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.