30/11/-0001
620
“Köňülleri birleşdirýän sungat” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda “Köňülleri birleşdirýän sungat” atly bäsleşigi yglan etdi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň halkara žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Didar Islamow birinji orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň halkara žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ajaýyp Nobatowa üçinji orna şeýle hem institutyň talyplary Gözel Eminowa, Atamyrat Ýazweliýew, Döwletgeldi Öwezgeldiýew, Aýläle Hemranazarowa we Ogulgurban Çarygulyýewa höweslendiriji baýraklara eýe boldular. Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy gazanan ýeňişleri bilen gutlap, geljekde hem olara döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Maksat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
syýasy kommunikasiýa we internet
žurnalistikasy
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.