30/11/-0001
721
“Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň häzirki ýagdaýy we gelejegi” atly halkara maslahat geçirildi
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde “Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa Italiýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili gatnaşdylar we çykyş etdiler. Şeýle hem bu ýokary derejeli maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynda medeni mirasy gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan “tegelek stol” hem geçirildi. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew “Türkmen-italýan gatnaşyklarynda taryhy arabaglanyşyklar” atly tema boýunça çykyş, edip bu iki ýurduň çäkleriniň gadymy siwilizasiýalaryň ojagy bolmak bilen adamzat ösüşine uly goşant goşandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyna we ruhy gymmatlyklaryna çuň ylmy garaýşyň berilýänligini rektor öz çykyşynda aýratyn belledi Diplomatiýanyň milli mekdebiniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna göra, häzirki wagtda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Kerim BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.