Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / III AÇYK HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI
    III AÇYK HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI
    III AÇYK HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI
    21/12/2024

    4200

    III AÇYK HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI

    2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepeleriniň talyplarynyň arasynda III açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi.
    Halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy bu ýokary okuw mekdebiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen dabarada dostlukly halklaryň milli medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.
    III açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyna daşary ýurtlaryň 30-synyň, ýagny Azerbaýjan, Awstraliýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Belarus Respublikasy, Beýik Britaniýa, Braziliýa, Çehiýa, Eýran Yslam Respublikasy, Fransiýa, Gazagystan, Germaniýa, Günorta Afrika, Günorta Koreýa, Gyrgyz Respublikasy, Hindistan, Horwatiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Indoneziýa, Ispaniýa, Kanada, Malaýziýa, Meksika, Müsür, Niderlandlar Patyşalygy, Özbegistan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Ýaponiýa döwletleriniň 70-e golaý ýokary okuw mekdebiniň, şeýle hem ýurdumyzyň 25 ýokary okuw mekdebiniň 500 talyby gatnaşdy. Onda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologik monitoring, ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlendi. Olary ýerine ýetirmek üçin talyp ýaşlara jemi 90 minut wagt berildi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi.
    Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Halkara olimpiadanyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyplary Şyhdurdy Şyhyýew II orna we Taňryguly Geldimämmedow III orna mynasyp bolmagy başardylar. Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy gazanan halkara üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

    Guwanç SERDAROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI