19/11/2026
97
ÝAŞLARYŇ ÜSTÜNLIKLERI – GELJEGIŇ BUÝSANJY
Ýurdumyzda ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň döredijilik we ylmy gözleglerini goldamak, jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini höweslendirmek döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, olaryň zähmetine, zehinine we gazanan üstünliklerine mynasyp baha berilýän şanly wakalaryň biri bolup durýar.
Bu baýrak ýaş nesliň ylma, bilime, medeniýete, sungata, edebiýata we jemgyýetçilik işlerine bolan höwesini artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Ol öz saýlap alan ugrunda yhlasly zähmet çekýän, täze gözleglere we döredijilik üstünliklerine ymtylýan ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň ykrar edilmeginiň özboluşly nyşanydyr.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy diňe bir ýeňijileriň gazanan üstünlikleriniň dabaralanmagy bolman, eýsem, tutuş ýaş nesliň öňünde täze maksatlary goýýan, olary döredijilikli zähmete we belent sepgitlere ruhlandyrýan ähmiýetli wakadyr. Dabarada dürli ugurlarda aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň mynasyp sylaglanmagy ýurdumyzda zehinli nesliň kemala gelmegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir.
Mälim nolşy ýaly, ýurdumyzda häzirki döwürde ýaşlaryň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkara derejesindäki döredijilik bäsleşiklerine we ylmy çärelere gatnaşmak üçin döredilýän şertler ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny dünýä derejesinde görkezmegine ýol açýar. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlar bolsa ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Muhammet Süleýmanowyň we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dawut Gezerowyň, şeýle-de diýarymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň uçurymlary Gözel Eminowanyň, Dawut Nazmyradowyň bolmagy aýratyn buýsanç döredýär.
Baýrak eýeleriniň gazanan üstünlikleri olaryň yhlasly zähmetiniň, maksada okgunlylygynyň we öz ugurlaryna bolan söýgüsiniň netijesidir. Şeýle üstünlikler ýaşlaryň arasynda ylma, bilime, döredijilige bolan höwesi has-da artdyrmak bilen, täze başlangyçlara ruhy itergi berýär. Baýragyňyz gutly bolsun, halkaraçy ýaşlar!
Çynar AZADOWA,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1- nji ýyl talyby