23/11/2026
37
AŞGABATDA GANDBOL BOÝUNÇA HALKARA TÄLIMÇILIK OKUW MASLAHATY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANDY
2026-njy ýylyň 15 – 23-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Halkara Olimpiýa Komitetiniň «Olimpiada raýdaşlygy» (Olympic Solidarity) maksatnamasynyň hem-de Halkara Gandbol Federasiýasynyň (IHF) bilelikde guramagynda 2-nji derejeli tälimçiler üçin nazary okuw maslahaty geçirildi. Onuň amaly tehniki okuw sapaklary bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.
Hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralan bu okuw maslahatynyň dowamynda tälimçiler gandbol oýnunyň häzirki zaman usullary, türgenleşikleri guramagyň nazary we amaly esaslary boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler.
Okuw maslahatyny üstünlikli tamamlap, degişli synaglardan geçen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, tälimçi Atamyrat Geldimämmedowa Halkara Gandbol Federasiýasynyň tälimçilik bilim ulgamynyň «IHF C-Licence» halkara derejeli şahadatnamasy gowşuryldy.
Bu halkara okuw maslahaty ýurdumyzda gandbol sportuny ösdürmekde hem-de milli tälimçileriň hünär ussatlygyny halkara standartlara laýyklykda ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby