19/09/2024
799
HALYPA DIPLOMAT SAPAR BERDINIÝAZOW BILEN HALYPA – ŞÄGIRTLIK ÝOLY BOÝUNÇA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda talyp bolmak bagty miýesser eden «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi, halypa diplomat Sapar Kömekowiç Berdiniýazow bilen bilelikde halypa-şägirtlik ýoly boýunça söhbetdeşlik geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, halypa-şägirtlik ýoly gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri bolup, bu ýörelge häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giňden dowam etdirilýär. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Älem içre at gezer” atly kitabynyň 4-nji babyny “Halypa-şägirtlik däpleri” diýip atlandyryp, bu bapda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň möhümdigi barada aýratyn ünsi çekýär. Galyberse-de dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem “Magtymguly, tälim algyn ussatdan” diýen şygyr setirlerini getirmek bilen, her bir şägirdiň kämil ýetişmeginde, ökde hünärli bolmagynda halypanyň ornunyň uludygy barada belläp geçýär. Şeýle-de halk arasynda “Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter”, “Halypa nagyşdyr, şägirt bolsa nagşy öwrenijidir”, “Halypa agaçdyr, şägirt bolsa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bolmaz” diýen nakyllar has-da ýörgünlidir. Hakykatdan-da, nazaryýetde bilim alýan ýaşlaryň tejribeli halypalardan ylym almagy olaryň saýlap alan hünärleri ugrunda kämil bolup ýetişmekleri üçin giňden ýardam berýär.
Häzirki wagtda türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebinde halypa diplomatlaryň sapak bermegi geljekki ýaş halkaraçy hünärmenleriň saýlap alan hünärlerine bolan söýgini has-da artdyrýar.
Nobatdaky geçen söhbetdeşligiň dowamynda hem halypa diplomat hünär ýollaryna ilkinji gadamlaryny basan talyplaryň özlerini gyzyklandyrýan soraglary jogaplap, olarda diplomatiýa bolan uly gyzyklanmany döretdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň häzirki wagta çenli III möwsümi jemlenip, olaryň netijeleri boýunça 32 sany ýaş çapar saýlap alan hünärleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okap kämil bilim alýarlar. Şeýle-de «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşan mekdep okuwçylarynyň ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw jaýlary bilen birlikde, dünýäniň dürli künjeginde okap, bilim alýandyklary hakyndaky habarlarynyň gelip gowuşmagy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden aýdyň nyşandyr.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.