Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    12/05/2026

    45

    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu halkara maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
    Häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler geçirilip, olarda daşary syýasatymyzda uly ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk ýörelgeleri giňişleýin wagyz edilýär. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biridir. Onuň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar.
    Halkara maslahata dünýäniň 20 döwletinden wekiller gatnaşdy. Hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Belgiýa Patyşalygyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gruziýa Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Oman Patyşalygyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan hem-de Hindistan Respublikasyndan, Fransiýa Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Ukraina we Belarus Respublikalaryndan 45 sany wekil gatnaşdy, 42 sany wekil sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy. Şeýle hem, bu maslahata ýurdumyzyň 150-den gowrak alymy, bilermeni we professor-mugallymy gatnaşyp, özara tejribe alyşdylar. Dünýäniň ençeme döwletleriniň ylym we diplomatiýa wekillerini bir ýere jemlän bu forum türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we halkara hyzmatdaşlygyndaky orny barada pikir alyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
    Halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Milletler Bileleşiginiň mümkinçiliklerinden, onuň syýasy-diplomatik gurallaryndan has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýändigi barada beýan edildi. Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýan ähli ugurlardaky başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň edildi.
    Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky başlangyçlaryny dünýä ýaşlarynyň arasynda giňden dabaralandyrmak maksadyna gönükdirilen şu gezekki maslahatyň dowamynda geosyýasat, diplomatiýa we taryh ýaly ugurlar boýunça hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Bu çäre halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we ylmy esasda çözgütleri agtarmakda netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.
    Maslahatda sanly ulgam arkaly çykyşlara hem giň orun berildi. Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş eden daşary ýurtly wekiller Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty köptaraply diplomatiýany, şol sanda ykdysady, energetika, ulag, suw, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, parlament, lukmançylyk, ekologiýa, ýaşlar, sport diplomatiýasyny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostluk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
    Maslahat «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy», «Ykdysady diplomatiýa — durnukly ösüş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly», «Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri», «Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler» atly bölümçelerde öz işini dowam etdi. Onda edilen çykyşlarda degişli ugurlarda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ylym-bilim merkezleriniň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryna möhüm orun berildi. Halkara maslahatyň ýokary derejede guralmagy hem-de oňa gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin daşary ýurtly myhmanlar we türkmen wekiliýetiniň agzalary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
    Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde talyp ýaşlar üçin ýörite ussatlyk sapaklarynyň guralmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şunda her döwlete wekilçilik edýän toparlaryň ýolbaşçy mugallymlary, alymlar we bilermenler talyplar bilen duşuşyp, diplomatiýa boýunça bilimlerini, özleriniň tejribelerini, ylmy garaýyşlaryny paýlaşdylar. Hususan-da, daşary ýurt dillerinde sözleýşi kämilleşdirmegiň innowasion usullary, diplomatiýanyň dürli ugurlary, halkara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, öňüni alyş diplomatiýasy, žurnalistiň hünär ussatlygy ýaly dürli temalary öz içine alýan ussatlyk sapaklary talyp ýaşlarda gyzyklanma döretdi. Bu okuw sapaklary talyplaryň hünär tejribesini artdyrmak bilen birlikde, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň hem barha ilerlemegine itergi berýär.
    Olar üçin taýýarlanylan medeni maksatnama paýtagtymyzyň dürli medeni hem-de taryhy ýerlerine gezelençleri öz içine alýar. Ýurdumyzyň dost-doganlyk merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýan şeýle çäreler ylym-bilimiň, medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.

    Ogulbike YMAMBERDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI surady

    05/05/2026

    ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    29/12/2025

    HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI surady

    25/12/2025

    YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI