Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuw sapagy geçirilýär
    Halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuw sapagy geçirilýär surady
    30/11/-0001

    1195

    Halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuw sapagy geçirilýär

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belleýär. Häzirki wagtda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bilen geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ygtybarly hukuk binýadyny üpjün etmek ugrunda degişli işler dowam etdirilýär.
    Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň teklibi esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde, Halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuwlaryň maksatnamasyna laýyklykda, geçirilýän ýörite okuw sapaklaryna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaş hukukçy mugallymlary, hukuk ugry boýunça bilim alýan 4-5-nji ýyl talyp ýaşlary gatnaşýarlar.
    2021-nji ýylyň oktýabr – 2022-nji ýylyň maý aýlary aralygynda meýilleşdirilen okuw sapaklaryny, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hünärmenleri, Maýa goýum jedellerini düzgünleşdirmek boýunça halkara merkezine Türkmenistanyň adyndan bellenen arbitrler, halkara hukukçylar, ýerli hukuk kompaniýalarynyň hukukçylary, tejribeli professor-mugallymlar arkaly türkmen we iňlis dilinde alyp barýarlar.
    Halkara maýa goýum arbitražy boýunça geçirilýän okuw sapaklarynda halkara arbitražy doktrinasynyň, halkara we milli hukuk esaslarynyň, Türkmenistanyň tarap bolup gatnaşan halkara arbitraž işleri boýunça gazanylan tejribäniň çuňňur öwrenilmegine gönükdirilen we halkara maýa goýum arbitražynyň hukuk we nazary esaslary barada we halkara arbitraždaky iş ýörediş tertibine bagyşlanyp, onda ýurisdiksiýa, arbitraž seljerişiniň tapgyrlary, tribunalyň döredilmegi, işiň maliýeleşdirilişi, subutnamalaryň jemlenilmegi, kazyýet mejlisine taýýarlanylyş we kazyýet mejlisi ýaly düşünjeler öwrenilýär.
    Bu dersiň maksady ýurdumyzda ýaş hukukçylaryň bilimini kämilleşdirmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kanunçylyk işleriň binýadynyň has-da berkemegine ýardam etmekdir.

    Gülsenem HOMMADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI. surady

    06/03/2026

    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI.
    HALYPA DIPLOMAT BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    04/03/2026

    HALYPA DIPLOMAT BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    04/03/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI