Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan ylmy ýygyndy
    Halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan ylmy ýygyndy surady
    30/11/-0001

    692

    Halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan ylmy ýygyndy

    Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ähmiýetine we Türkmenistanyň özbaşdaklygynyň ýyllary üçinde dünýä nusgalyk işlerine bagyşlanyp ylmy, syýasy-jemgyýetçilik we publisistik neşirleriň ençemesi çap edildi. Bu işler daşary syýasy ulgamyna girýän ylmy edaralaryň we institutlaryň çäklerinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri: ylmy-döredijilik çemeleşmeler” atly institutyň mugallymlaryň hem-de talyplaryň ylmy makalalar we goşgular ýygyndysy Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Munuň özi Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgady we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikleriň ylmy taýdan beýanynyň seljermesi boldy.

    Ýygyndy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebi: Halkara gatnaşyklary ugrundan başarnykly hünärmenleri taýýarlamagyň oňyn tejribesi» atly çuňňur esaslandyrylan ylmy makalasy bilen başlanýar. Makalada halkara gatnaşyklary ugrundan hünärmenleri taýýarlamakda soňky ýyllarda toplanylan oňyn milli tejribe beýan edilipdir. Bu babatynda Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we diplomatik işi döwrüň talabyna laýyk gurnamakda Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde amala aşyrylan özgertmeler öz hünärlerine ussat ýaşlaryň ýetişdirilmegine täsir edýär. Bu babatynda giň maglumatlara esaslanýan teswirler we daşary ýurt tejribesi bilen deňeşdirmeler makalanyň ylmy ähmiýetini artdyrypdyr.

    Ýygyndyda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy jähetinden Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhyna we onuň durmuşa geçirilişine ylmy taýdan syn berýän makalalar beýan edilipdir. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň, şol sanda onuň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edileninden soňky döwrüniň görkezişi ýaly, Bitaraplygyň türkmen nusgasy halkymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk geldi, şeýle hem ol halklaryň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň täsirli guralyna öwrüldi. Bu babatynda türkmen döwletiniň dünýä bileleşigine döredijilik başlangyçlary bilen ýüzlenmegi, sebit we halkara ýagdaýlary hem-de olaryň çözgüdini tapmakda tagallalaryň utgaşdyrmagyna gönükdirilen teklipleri öňe sürmegi, ýurdumyzyň bu işleriniň dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolup, 10-larça kararnamalaryň kabul edilmegi aýdylanlara aýdyň subutnamadyr.

    Milli Liderimiz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň ähmiýetiniň ulydygyny hemişe nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, “Syýasy-diplomatik işiň ylmy-tejribe üpjünçiligi” atly ylmy makalada döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda bu işi netijeli gurnamak, döwrebap hünär ugurlaryny açmak, bilim bermek ulgamynda innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, ylmy-pedagogik düzümiň ýokary derejede taýýarlykly bolmagyny gazanmak ýaly möhüm wezipeleri çözmekde ylmy we tejribe taýdan çemeleşmegiň artykmaçlyklary beýan edilipdir.

    Awtorlaryň makalalarynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmeklige gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrmak babatynda gazanan tejribesine hem-de bu gatnaşyklaryň netijeli bolmagyna anyk we saldamly goşant goşýan döwletdigini iş ýüzünde subut edip gelýänligi bellenilýär.

    Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary boýunça Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmeklige jogapkärli çemeleşýär. Durnukly ösüş maksatlary öz içine esasy üç ugry ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny alýar. Ykdysady ugur serişdeleriň oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutýan bolsa, durmuş ugry adamzadyň ösüşine, durmuş we medeni ulgamyň durnuklylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir, ekologiýa ugry bolsa tebigy ulgamlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde jemlenýär.Türkmenistan hem bu maksatlaryň ählisi boýunça çuňňur oýlanşykly içeri we daşary syýasaty amala aşyrýar. Ylmy makalalarda durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitler we öňde duran möhüm wezipeler, Hormatly Prezidentimiziň bu babatynda öňe sürýän başlangyçlary hem beýan edilipdir we ylmy taýdan seljerilipdir.

    Şeýle hem neşirde sanly diplomatiýanyň we milli kanunçylygy ösdürmegiň, daşary syýasatyň möhüm ugurlary bolan ekologiýa, adam hukuklarynyň we gender deňliginiň üpjün edilmegiň, medeni-ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegiň wajyp ugurlary hem-de olaryň ylmy düşündirilişi beýan edilipdir.

    Ylmy ýygyndynyň beýleki makalalary we goşgulary ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň wajyp meselelerinden hem-de ýetilen sepgitlerden gürrüň açýar. Bu maglumatlar ylym we döredijilik babatynda ýurdumyzyň daşary syýasat ulgamynda amala aşyrylýan işlere düşünmäge ýardam etmek bilen birlikde, olary okuw-usuly hem-de ylmy işlerde peýdalanmakda gymmatly çeşme bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

    Akmuhammet Jumagulyýew,

    TDIM-iň HGI-niň mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI