43
“GENDER DEŇLIGI – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI” ATLY BRIFING GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän “Parahatçylyk medeniýeti” atly UNESCO klubynyň guramagynda “Gender deňligi – durnukly ösüşiň kepili” atly brifing geçirildi. Oňa institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Brifing institutyň UNESCO klubynyň başlygy Aýgözel Öwezowanyň alyp barmagynda geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän UNESCO klublarynyň wekilleri, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylyk dilleri” atly UNESCO klubynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz, saglygymyz, mirasymyz” atly UNESCO klubynyň başlygy Merjen Berdiýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň “Parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady” atly UNESCO klubynyň başlygy Çemen Wekilowa çykyş etdiler. Olar UNESCO guramasynyň gender deňliginiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde alyp barýan taslamalary barada we bu ugurda ýaşlaryň orny dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän UNESCO-nyň baş edarasynda geçirilen “Gender deňligi boýunça ýaşlar üçin mümkinçilik döretmek” atly halkara derejesindäki okuw çäresi barada gürrüň berdiler. Mälim bolşy ýaly, Ýewropa we Demirgazyk Amerikanyň Klublar Federasiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu okuw çäresi UNESCO-nyň işleri barada Fransiýanyň Milli Komissiýasy, Bütindünýä Klublar Federasiýasy we Assosiasiýalar bilen bilelikde geçirildi. Geçirilen çäräniň dowamynda degişli temalar boýunça sowal-jogabyň alşylmagy brifingiň täsirini has-da artdyrdy.
Hangeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.