Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyzlyk ýyllarynda sanly bilim ulgamy - ösüşleriň kämil ýolunda
    Garaşsyzlyk ýyllarynda sanly bilim ulgamy - ösüşleriň kämil ýolunda surady
    30/11/-0001

    993

    Garaşsyzlyk ýyllarynda sanly bilim ulgamy - ösüşleriň kämil ýolunda

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolup, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha belende galýar.
    Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen umumy okuw sapagyny geçdi. Baýramçylyk güni Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy ähli ýaş türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak taryhy waka we öwüt-nesihat terbiýe mekdebine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň umumy okuw sapagynyň dowamynda Bitarap Watanymyzyň depginli ösüş we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanýan üstünlikleri we ýetilýän belent sepgitleri baradaky çuňňur mazmunly çykyşy ýaş nesilleriň ruhuny galkyndyrdy we watançylyk söýgüsini has-da artdyrdy.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Dünýä ylmynyň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi bagtyýar çagalary has-da buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçularyna kompýuter sowgatlarynyň berilmegi, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir we ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň berk binýadydyr.
    Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyň işini döwrebap derejede guramaga, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny kemala getirmek ugrunda göz öňünde tutulan maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine esaslanyp inžener-tehniki we tehnologiýa ugurly ýokary okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça täze hünärler girizilýär we hünär maglumatlaryndan netijeli peýdalanmaga, täzeçe, döredijilikli pikirlenmäge, sanly tehnologiýalaryndan baş çykarmaga ukyply ýokary hünär derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.
    Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýokary okuw mekdebiniň binýadynda döredilen «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. IT-meýdançada dünýä tejribesiniň gazanan üstünliklerine esaslanýan maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, sanly maglumat gorunyň hemmeler üçin elýeterliligini gazanmak boýunça köp ugurly işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ýerine ýetirlen işlerň hatarynda awtomatlaşdyrylan ýyladyşhana, kömekçi robot, akylly öý ulgamy, IP týuner, hyýaly tejribehana ýaly başgada birnäçe taslamalary getirmek bolar. Şeýle hem, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi döredilýär, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanylýar we önümçiligiň dürli ugurlary bilen gatnaşyklar ýola goýulýar.
    Ýokary okuw mekdebimiz sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça halkara taslamalara hem gatnaşýar. Şeýle hem, elektron kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, mugallymlar tarapyndan dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly gollanmalar işlenip taýýarlanylýar we taýýarlanan okuw gollanmalar hem-de kitaplar sanly görnüşde ýokary okuw mekdebimiziň elektron kitaphanasynda ýerleşdirilýär. Elektron kitaphanany kämilleşdirmekde professor-mugallymlar tarapyndan täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Eziz Watanymyzyň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýan täze maglumat tehnologiýalary gelejekki hünärmenlere saýlap alnan hünärini tutanýerli öwrenmäge, yhlasly okamaga, giň dünýägaraýyşly, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmäge, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekip ylmy-amaly önümçilikde ukybyňy has-da artdyrmaga ruhlandyrýar.
    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmek, internetiň elýeterliligini giňeltmek, hemra aragatnaşygynyň we sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde ulgamlaýyn we toplumlaýyn çäreler, ýagny internet saýtlarynyň üsti bilen howa we demir ýol ulag gatnawlarynyň ýol peteklerini satyn almagyň, telefon, IP telewizor tölegleriniň, jemagat, önümçilik, bank hyzmatlarynyň, ýaşaýyş jaý, elektrik, ýylylyk energiýasy, suw hem-de dükanlardan satyn alnan harytlaryň, şäher we şäherara awtobus gatnawlarynyň ýol tölegleriniň nagt däl hasaplaşyk görnüşleri durmuşa geçirilýär. Innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döwrebap enjamlaryň, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagy we programma üpjünçiligi dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş ösmäge ýardam bermek bilen bir hatarda jemgyýetiň intellektual derejesiniň kämilleşmegine itergi berýär. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge ösen innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

    Muhammet WELLEKOW,
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
    Senagat elektronikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI