25/11/2026
51
COP31 MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI WE HALKARA EKOLOGIK HYZMATDAŞLYGY ARTDYRMAKDAKY ORNY
Häzirki çalt ösýän ykdysadyýetli döwürde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaklyk dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran esasy möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatlary (COP) halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Howanyň gyzmagy, suw serişdeleriniň azalmagy, gurakçylyk we beýleki tebigy hadysalaryň yzydigerli gaýtalanyp durmagy, dünýäniň ähli ýurtlaryndaky ýaşaýşyň dürli ugurlaryna täsir edip gelýär. Şeýle meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemek maksady bilen geçirilýän halkara maslahatlardyr duşuşyklar tejribe alyşmaklykda we täze başlangyçlary öňe sürmek üçin uly mümkinçilik döredmeklikde ähmiýeti uludyr.
Daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş meseleleri boýunça dünýä döwletlerini bir ýere jemleýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirildi. Bu halkara maslahat diňe bir tebigaty goramak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň, energetikanyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýşyň we halkara hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri hem öz içine alýar.
COP diýen gysgaltma iňlis dilindäki «Conference of the Parties» sözlerinden gelip çykyp, «Taraplaryň maslahaty» diýen manyny berýär. Bu halkara duşuşygyň taryhy 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň Daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatyna, ýagny «Ýer sammitine» esaslanýar. Şol maslahat Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa gol çekmek üçin açylýar. 1994-nji ýylda güýje giren bu konwensiýa dünýä döwletleriniň howanyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmeginiň hukuk esasyny döredýär.
Şeýlelikde, 1995-nji ýylyň 28-nji martyndan 7-nji apreline çenli Germaniýanyň Berlin şäherinde ilkinji COP maslahaty geçirildi. Şondan bäri bu halkara çäre, her ýyl diýen ýaly dürli döwletlerde geçirilip gelinýär. COP31 adyndaky «31» sany hem hut şol ilkinji maslahatdan bäri geçirilen duşuşyklaryň nobatdakysydygyny aňladýar.
Bu maslahatlaryň esasy maksady ählumumy maýylganlygyň öňüni almak, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmakdan we döwletleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Ýöne onuň gün tertibi diňe bir daşky gurşaw bilen çäklenmeýär. Sebäbi howanyň üýtgemegi dünýäniň ykdysadyýetine, azyk üpjünçiligine, suw serişdelerine, energetika ulgamyna, adamlaryň saglygyna we jemgyýetçilik durmuşyna hem öz täsirini ýetirýär.
Şu nukdaýnazardan, COP maslahatlarynda kömür, nebit we tebigy gaz ýaly gazylyp alynýan ýangyç serişdelerinden arassa energiýa çeşmelerine geçmek, Gün we ýel energiýasyny ösdürmek, tokaýlary goramak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, oba hojalygyny howa şertlerine uýgunlaşdyrmak, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
COP31 maslahaty 9–20-nji noýabr aralygynda “Antalya Expo Center” merkezinde geçirildi. Onuň çäklerinde 11-12-nji noýabrda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Dünýä liderleriniň sammiti hem guraldy. Bu duşuşykda dünýäniň öňünde duran ekologiýa we ykdysady meseleler, döwletleriň bilelikdäki jogapkärçiligi hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
COP31-iň geçiriljek ýurdunyň nähili saýlanýandygy hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu çözgüt bir döwletiň ýa-da aýratyn bir ýolbaşçynyň ýeke-täk karary bilen kabul edilmeýär. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan döwletler bäş sany sebit toparyna bölünýär. Olar Afrika, Aziýa–Ýuwaş ummany, Gündogar Ýewropa, Latyn Amerikasy we Karib deňzi sebitleri, şeýle hem Günbatar Ýewropa we beýleki döwletler toparlarydyr.
Maslahatyň geçiriljek ýurduny kesgitlemekde şol sebit toparlarynyň nobatlylyk ýörelgesi we özara ylalaşygy möhüm orun eýeleýär. Ilki bilen degişli sebitdäki döwletler öz aralarynda pikir alşyp, dalaşgär ýurtlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Soňra saýlanan ýurduň resmi teklibi BMG-niň degişli sekretariatyna hödürlenýär. Maslahatyň geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda ulag, howpsuzlyk, tehniki enjamlar, ýygnak zallary, maliýe mümkinçilikleri we guramaçylyk işleri öwrenilýär. Ahyrky çözgüt bolsa taraplaryň maslahatynyň çäginde kabul edilýär.
COP31-iň geçiriljek ýerini kesgitlemekde Türkiýe bilen Awstraliýanyň arasynda aýratyn bir waka bolup geçdi. Iki döwlet hem 2026-njy ýyldaky maslahaty geçirmek üçin dalaşgärligini öňe sürdi. Bu mesele 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Braziliýanyň Belem şäherinde geçirilen COP30 maslahatynyň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Birnäçe gün dowam eden gepleşiklerden soň, 2025-nji ýylyň 23-nji noýabrynda iki ýurduň arasynda ylalaşyk gazanyldy.
Şol ylalaşyga laýyklykda, COP31 maslahaty Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilmeli, Awstraliýa bolsa resmi howa gepleşikleriniň alnyp barylmagyna ýolbaşçylyk etmeli boldy. Şeýlelikde, iki döwletiň arasynda özboluşly wezipeleri paýlaşmak formaty döredildi. Bu ýagdaý COP maslahatlarynyň taryhynda aýratyn üns çekýän hyzmatdaşlyk nusgalarynyň biri boldy.
Bu ýerde Türkiýäniň we Awstraliýanyň wezipeleriniň tapawudyny bellemek möhümdir. Türkiýe maslahatyň kabul ediji döwleti hökmünde guramaçylyk, infrastruktura, howpsuzlyk, ulag we beýleki zerur şertleriň üpjün edilmeginden jogapkärdir. Şeýle hem COP31-iň başlyklygyny Türkiýäniň Daşky gurşaw, şäher gurluşygy we howanyň üýtgemegi ministri Murat Kurum alyp bardy. Awstraliýanyň Klimatyň üýtgemegi we energetika ministri Kris Bowen bolsa döwletleriň arasynda geçirilýän resmi gepleşikleriň ýolbaşçysy hökmünde çykyş etdi. Başgaça aýdylanda, Türkiýe maslahatyň umumy guramaçylygyny we başlyklygyny üpjün eden bolsa, Awstraliýa gepleşikleriň utgaşdyrylmagyna gatnaşdy.
Türkiýäniň COP31 başlyklygynyň çäklerinde öňe sürlen hereketleriň gün tertibi hem birnäçe möhüm başlangyjy öz içine aldy. Onda galyndysyz önümçilik we sarp ediş medeniýetini ösdürmek, ummanlary we deňizleri goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine durnukly şäherleri döretmek, ýaşlaryň we bilimiň ornuny güýçlendirmek, senagatda “ýaşyl” özgertmeleri amala aşyrmak, arassa energiýa geçişini çaltlandyrmak hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny howa töwekgelçiliklerine garşy taýýarlamak ýaly ugurlar aýratyn bellenildi. Şeýle hem howanyň üýtgemegi, biologik köpdürlüligiň azalmagy we çölleşme bilen göreşmek boýunça halkara ylalaşyklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutuldy.
COP maslahatlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini olaryň dowamynda kabul edilen taryhy resminamalar hem görkezýär. 1997-nji ýylda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilen COP3 maslahatynda Kioto Protokoly kabul edildi. Bu resminama belli bir ösen döwletleriň ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalaryny kesgitledi.
2015-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen COP21 bolsa halkara howa syýasatynyň möhüm öwrülişikleriniň birine öwrüldi. Şol maslahatda Pariž ylalaşygy kabul edildi. Onuň esasy maksady ählumumy temperaturanyň ýokarlanmagyny senagatdan öňki döwür bilen deňeşdirilende 2 gradusdan pes derejede saklamak we bu ýokarlanmany 1,5 gradus bilen çäklendirmek üçin tagalla etmekden ybaratdyr. Ylalaşyga gatnaşýan döwletler milli derejede klimat maksatnamalaryny işläp düzýärler, olary belli döwürlerde täzeläp, gazanylan netijeler barada hasabat berýärler.
Şeýle-de bolsa, halkara ylalaşyklaryň hukuk güýjüniň dürli-dürli bolýandygyny bellemek gerek. Döwletleriň hasabat bermek, milli maksatlaryny taýýarlamak we maglumatlary aç-açan beýan etmek boýunça borçlary bar. Emma her bir ýurduň yglan eden zyňyndylary azaltmak baradaky maksadynyň hökmany suratda ýerine ýetirilmegini üpjün edýän birmeňzeş halkara jeza ulgamy ýok. Şonuň üçin COP maslahatlarynyň netijeliligi diňe bir resminamalaryň kabul edilmegi bilen däl, eýsem, şol kararlaryň durmuşa geçirilmegi bilen hem ölçelýär.
COP31 bilen baglanyşyklylykda, onuň öňüsyrasynda geçirilen COP30 maslahatyny hem ýatlamak ýerliklidir. Ol 2025-nji ýylyň 10–21-nji noýabry aralygynda Braziliýanyň Belém şäherinde geçirildi. Amazon tokaýlaryna ýakyn ýerleşýän bu şäheriň saýlanmagy hem özboluşly ähmiýete eýedir. Sebäbi Amazon tokaýlary dünýäniň tebigy deňagramlylygyny saklamakda, uglerod aýlanyşygyna gatnaşmakda we biologik köpdürlüligi goramakda möhüm orun eýeleýär. COP30-da howa maliýeleşdirmesi, tokaýlary goramak, energiýa özgertmeleri we Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
COP31-iň geçirilmegi bilen bir wagtda birnäçe halkara duşuşyk hem guralýar. Olaryň arasynda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýanyň Taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31), Kioto protokolynyň Taraplarynyň 21-nji duşuşygy (CMP21) we Pariž ylalaşygynyň Taraplarynyň 8-nji duşuşygy (CMA8) bar. Bu çäreleriň her biri aýratyn hukuk esaslaryna daýanýar, emma olaryň ählisi howanyň üýtgemegine garşy halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň noýabrynda Antalýa şäheri dünýäniň iň möhüm halkara ekologiýa duşuşyklarynyň birine meýdança boldy. COP31 diňe bir daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen maslahat hökmünde däl, eýsem, geljekki nesilleriň ýaşaýyş şertlerine, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine, energiýa howpsuzlygyna we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine täsir edýän möhüm wakalaryň biri hökmünde taryha girdi.
Bu halkara duşuşygyň ähmiýeti kabul edilýän çözgütleriň sany bilen däl, eýsem, olaryň adamzadyň gündelik durmuşynda nähili netijeleri berjekdigi bilen kesgitlenýär. Çünki howanyň üýtgemegi diňe bir aýry-aýry döwletleriň däl, eýsem, bütin adamzadyň öňünde duran umumy meseleleriň biridir. Tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we geljekki nesillere sagdyn daşky gurşawy miras galdyrmak bolsa, dünýä döwletleriniň bilelikdäki jogapkärçiligidir.
Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň birnäçe möhüm başlangyçlaryny öňe sürdi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, Aşgabat howa dialogyny ýola goýmak we howanyň durnuklylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada teklipler bar.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Netijede, COP31 maslahaty dünýä döwletleriniň ekologik meseleleriň çözgüdinde tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança boldy. Türkmenistanyň bu halkara çärä işjeň gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň ählumumy ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we durnukly ösüşe goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriniň aýdyň beýanydyr.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
21/11/2026
Ýagşylyk dünýäni özgerdýär