Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • «Halkara medeni diplomatiýada dünýä dilleriniň wezipesi: global kommunikasiýa we «ýumşak güýç» strategiýalary» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
        • Emeli aň we žurnalistika bagyşlanan ylmy-usuly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • MALAÝZIÝANYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Итоги Всемирного медиа-саммита в Пекине и будущее журналистики в эпоху ИИ
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / KÄMIL ÝAŞ NESIL — DÖWLETLILIGIŇ DOWAMATY
    KÄMIL ÝAŞ NESIL — DÖWLETLILIGIŇ DOWAMATY surady
    26/11/2026

    19

    KÄMIL ÝAŞ NESIL — DÖWLETLILIGIŇ DOWAMATY

    Bagty tapmak, bagtly durmuşda ýaşamak, megerem, her bir ynsan üçin arzyly arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň naýbaşysy bolsa gerek. Dünýäde bagt bilen bagly örän köp düşünjeler bar. Iňlis ýazyjysy Adam Jekson «Bagtyň on syry» atly kitabynda: «Hakyky bagtyň syrlarynyň iň ajaýyby özgelere sowgat bermek arkaly şatlyk döretmekdir» diýip belleýär. Bu babatda ykbalyň özi ynsana görelde bolup, durmuşda bahasyna ýetip bolmajak ençeme gymmatlyklary, deňsiz-taýsyz pursatlary sowgat berýär. Adam üçin şeýle sowgatlaryň ajaýyplarynyň biri hem ýaşlyk. Ady agzalan kitapda ýene-de şeýle bellenýär: «Biz durmuşymyzyň iň gowy zatlaryny diňe öňümizdäki pursatlardan alyp bileris». Ýaşlyk bolsa durmuşymyzyň iň ýagşy pursatlarynyň jemlenen döwri. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz tarapyndan ýaşlar syýasatyna aýratyn uly ähmiýet berlip, ýaşlaryň ömrüň baharyna deňelýän bu döwürde gadyr-gymmaty bahasyz pursatlardan netijeli peýdalanyp, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» we bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy-da munuň aýdyň beýanyna öwrüldi.
    Mekdebe öwrülen ömür taglymaty
    Milletimiziň geljeginiň nurana, döwletimiziň berkararlygynyň binýadynyň berk, döwletliligimiziň dowamat-dowam bolmagy üçin şu günki nesilleriň kämil terbiýelenmegi zerur. Müňýyllyklaryň dowamynda özboluşly durmuş mekdebini kemala getiren ata-babalarymyz bu babatda hem asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bize miras goýupdyrlar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň islendik ugrunda-da milliligimiz bilen döwrebap dünýä tejribesiniň utgaşdyrylmagyna wajyp ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Biz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, üsti ýetirilip gelnen milli terbiýe mekdebimiziň bardygyna buýsanmalydyrys. Görüm-görelde we edep-terbiýe babatda türkmenleriň owaldan gelýän arassa däp-dessurlary uly bir mekdebe öwrülip giden ömür taglymatydyr. Her bir hereket, söz, edim-gylym çaga we şahsyýet terbiýesine bagyşlanan» diýip, jaýdar belleýär.
    Hakykatdan-da, türkmençilik kadalary dünýäde umumy ykrar edilen etika kadalaryna doly laýyk gelýär. Bu nesil terbiýesi babatda-da şeýle. Halkymyzyň terbiýe meselesinde salamlaşmak edebi, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalary, ylma, bilime bolan garaýyşlary... dünýä nusgalykdyr. Anyk mysallara ýüzlensek, islendik türkmen maşgalasynda dünýä inen çaganyň sallançakda gulagy ganyp ulalan hüwdüsiniň özi durşy bilen edep mekdebi, kämilligiň badalgasydyr. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynda» hem türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan ruhy-medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň, milli ahlak ýörelgeleriniň, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde berk ruhy binýat bolup hyzmat edýändigi bellenilýär.
    Döwrebap bilim bilen aýdyň maksatlara tarap
    «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda: «Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr» diýip, biz — ýaş nesilleriň öňünde duran möhüm wezipeleriň hatarynda kämil bilim almagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan milli bilim ulgamy yzygiderli ösdürilip, ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzda döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylmagy-da ýaşlar hakynda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň aýdyň beýany boldy.
    Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
    Ýaşlar diplomatiýasy — nurana geljegiň çelgisi
    Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dünýäde globallaşmanyň depgini yzygiderli artýar, halkara gatnaşyklary bolsa çylşyrymly häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, umumadamzadyň abadançylygy, Ýer ýüzüniň abatlygy ugrunda parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryň wajyplygy ozalkylardan has-da artýar. Şunda hemişelik Bitarap döwletimiziň oýlanyşykly daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtamak zerur.
    Ýaşlar — milletimiziň, dünýämiziň, adamzadyň nurana geljegi, ýagty ertiri. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlar bilen bagly kabul edilen täze Döwlet maksatnamasynda hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy we ýaşlar diplomatiýasy barada bellenip, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara gatnaşyklarynda işjeňligini ýokarlandyrmagyň, olaryň dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlary bilen tejribe alyşmagy, halkara forumlara, sport we umumadamzat ähmiýetli möhüm halkara çärelere gatnaşmaklaryny giňeltmegiň bu ugurda esasy wezipeleriň biri boljakdygy nygtalýar. Ýaşlar bilen bagly edilýän şeýle ägirt uly tagallalar öz miwesini hem berýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, ders olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda ýokary derejeler gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýarlar. Şeýle pursatlary synlanyňda, buýsanç duýgulary kalbyňa dolup, şahyryň: «Altyn medal bezär gapak döşleri, // Berkarar Watanyň bagtly ýaşlary» diýen setirlerini gaýtalanyňy duýman galýarsyň.
    * * *
    Wagt — bu dünýäde öwezini başga bir zat bilen dolup bolmaýan uly gymmatlyk. Ýaşlyk bolsa ynsanyň gujur-gaýratynyň, zehin-başarnygynyň iň bir joşgunly wagty. Ömrüň bu ajaýyp döwrüni netijeli geçirmek, kämilleşmek üçin yhlas etmek, asylly işleri durmuşa geçirmek diňe bir özümize däl, eýsem, tutuş milletimiziň, ata Watanymyzyň nurana geljegine mynasyp goşant goşmakdyr. Goý, biz — ýaşlara şeýle belent sepgitlere ýetmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň döwletli ýollary dowamat-dowam bolsun!

    Yhlas HALLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
    «Esger».

    Çeşme: «Esger» gazeti, 26.11.2026ý. //  https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/258143

    Soňky täzelikler

    COP31 MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI WE HALKARA EKOLOGIK HYZMATDAŞLYGY ARTDYRMAKDAKY  ORNY surady

    25/11/2026

    COP31 MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI WE HALKARA EKOLOGIK HYZMATDAŞLYGY ARTDYRMAKDAKY ORNY
    Диалог цивилизаций на пути к году Международного права surady

    25/11/2026

    Диалог цивилизаций на пути к году Международного права
    Ýagşylyk dünýäni özgerdýär surady

    21/11/2026

    Ýagşylyk dünýäni özgerdýär
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI