Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / GARAŞSYZLYGYŇ ILKINJI BUŞLUKÇYSY
    GARAŞSYZLYGYŇ ILKINJI BUŞLUKÇYSY surady
    30/11/-0001

    1555

    GARAŞSYZLYGYŇ ILKINJI BUŞLUKÇYSY

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Ata Watan. Bu jümle her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alan diýseň uly baýlyk. Islendik ülkede bolsaň-da özüňki ýalysy tapdyrmaz. Munda doglan adam munda gitmegiň arzuwynda. Sebäbi ol gursagynyň hormatly hasaplanýan ýeriniň eýesi Watanynyň agysyna aglap, gülküsine gülen adam. Şeýle ynsanlaryň biri 1991-nji ýylyň güýzünde türkmeniň bagty bolup dogan kuýaşyň ilkinji şatlykly buşlukçysy. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew. Şahyryň güýz paslynda ýazan «Garaşsyz» atly goşgusy biziň şanly Garaşsyzlygymyz hakynda kagyza geçirilen ilkinji şygyr. Bu şol wagt baýramçylyk üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolupdy. Häzir bolsa Atamyrat aganyň şol şygry nesilleriň gymmatly hazynasyna öwrüldi.

    Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
    Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
    Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
    Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!

    Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy
    Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.
    Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —
    Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!

    Atamyrat Atabaýew ýöne-möne buşlukçam däl. Ol buşluk habaryny çeper sözleriň üsti bilen, ýokary duýgy täsiri bilen berip bilen buşlukçy. Munuň şeýledigini aşakdaky setirlerem bir kemsiz beýan edýär.

    Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
    Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.
    Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
    Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!

    Şahyr goşgusynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolandygy hakyndaky habary ýeke bir öz adyndan buşlaman, eýsem, tutuş agzybir türkmen halkynyň adyndan seslenipdir.

    Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,
    Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
    Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,
    Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!

    Ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni üçin her bir şahyryň kalby joşgunly. Çünki bu bagta guwanyp ýaşamagyň özi hem ümmülmez bagt. Şeýle bagtyň hözirini görüp döwran sürýän döwürdeş şahyrlarymyzam özleriniň eşretli, behişdi mekanda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, XXI asyryň türkmen edebiýatyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp eserleri döredýärler. Atamyrat Atabaýew ýaly halypa şahyrlar şanly Garaşsyzlygymyzyň buşluk habaryny halkymyza ýetiren bolsa, döwürdeş şahyrlarymyz şeýle hem ýüregi «ýaşlyk» simfoniýasyna dirižýorlyk edýän ýaş şahyrlarymyz Garaşsyzlygyň bize beren miwelerini, ösüşlerini beýan edýän goşgularyny halka ýetirýärler.

    Gadamy Oguzdan gaýdan bu ýurduň,
    Asyl ýoly saýlap ykbaly çüwmüş.
    Rysgaly, ygrary, ykrary bilen,
    Ady şan şöhratly ummana çümmüş.
    Şahyry joşdurýar görki-görmegi,
    Säherdir şamyny söýýändir ýürek.
    Ylla her kim arzuwlaýar görmegi,
    Zyýada bu ýurdy görmegňiz gerek!
    Lowurdar güneşe mermer saraýy,
    Ylham çeşme gül-pürçükli bossany,
    Künç ýokdur köşk boljak şu künje derek.

    Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda agzybir türkmen halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly XXX ýyllyk baýramyny ýokary derejede bellemäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr» diýip buýsanç bilen belläp geçýär. Bizem öz gezegimizde külli türkmen halkymyzy milli Liderimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň XXX ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bahasyna ýetip bolmajak şeýle bagty mundan beýläkde aýap saklajakdygymyza, döwrümiziň hoş habarlarynyň buşlukçylary, waspçylary boljakdygymyza ynandyrýarys.

    Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
    Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
    Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň
    Žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI