Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
        • 13-nji fewral — Bütindünýä radio güni
        • 10 ФЕВРАЛЯ – ВСЕМИРНЫЙ ДЕНЬ ЗЕРНОБОБОВЫХ
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY
    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY surady
    18/02/2026

    81

    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY

    Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Diplomatik işgärleriň güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki üstünlikleriniň, döwletimiziň abraý-mertebesini dünýä ýaýýan diplomatlaryň yhlasly hem-de döredijilikli zähmetiniň beýik dabarasydyr. Bu baýram «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýan ösüşleri halkara gatnaşyklarda hem öz mynasyp beýanyny tapýar.
    Diplomatiýa — bu döwletleriň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň iň möhüm serişdeleriniň biridir. Ol gapma-garşylyklary güýç ulanman, gepleşikler, dialog we özara hormat goýmak arkaly çözmegiň netijeli ýoludyr. Diplomatiýanyň üsti bilen ýurtlar milli bähbitlerini gorap, şol bir wagtyň özünde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýärler, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary giňeldýärler. Häzirki çylşyrymly dünýä şertlerinde diplomatiýa diňe bir daşary syýasatyň guraly bolman, eýsem ynanyşmak medeniýetini berkitmegiň, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurmagyň we umumy abadançylygy gazanmagyň möhüm binýadydyr.
    Türkmenistanyň daşary syýasaty ilkinji günlerden bäri oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýol dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň degişli Kararnamalar bilen üç gezek ykrar edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem Aşgabat şäherinde üstünlikli iş alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyndaky işjeň ornunyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
    Türkmen diplomatiýasy ýyllaryň dowamynda berk tejribe mekdebini döretdi. Döwletimiziň halkara başlangyçlarynyň giňden goldanylmagy, parahatçylyk, howpsuzlyk, energetika, ulag, ekologiýa hem-de durnukly ösüş ugurlarynda kabul edilen möhüm Kararnamalar ýurdumyzyň dünýä syýasatyndaky işjeň ornunyň subutnamasydyr. Bu gün Türkmenistan dialogy, ynanyşmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly dünýäde parahatçylykly ösüşe mynasyp goşant goşýar.
    Häzirki döwrüň çylşyrymly ýagdaýlarynda — howanyň üýtgemegi, geosyýasy dartgynlyklar, azyk we energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler ýüze çykýan şertlerde — diplomatiýanyň ähmiýeti has-da artýar. Döwletleriň arasynda özara düşünişmegi gazanmak, ylalaşyklary berkitmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin diplomatik ussatlyk, sabyr-takat hem-de giň dünýägaraýyş zerurdyr. Türkmen diplomatlary hut şu häsiýetleri öz işlerinde üstünlikli görkezýärler.
    Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Bu ýokary okuw mekdebi ýaş nesliň arasynda watansöýüjiligi, ýokary ahlak ýörelgelerini we döwlet bähbitlerine wepadarlygy terbiýeleýär. Şeýle taýýarlyk geljekde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmäge hyzmat edýär.
    Diplomatik gullugyň öňünde goýulýan belent maksatlar döwletimiziň uzak möhletleýin ösüş strategiýasy bilen berk baglydyr. Parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan türkmen diplomatiýasy geljekde hem halkara giňişlikde ýurdumyzyň bähbitlerini mynasyp gorap, dünýäde durnukly ösüşe gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegini dowam etdirer.
    Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli size berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze üstünliklere badalga berip, ýurdumyzyň diplomatiýasy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň ýolunda mundan beýläk hem bedew bady bilen öňe barsyn!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine surady

    18/02/2026

    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine
    Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi asylly däbi mynasyp dowam etdirýär surady

    18/02/2026

    Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi asylly däbi mynasyp dowam etdirýär
    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI surady

    17/02/2026

    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI