30/11/-0001
849
GARAŞSYZLYGYŇ ILKINJI BUŞLUKÇYSY
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Ata Watan. Bu jümle her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alan diýseň uly baýlyk. Islendik ülkede bolsaň-da özüňki ýalysy tapdyrmaz. Munda doglan adam munda gitmegiň arzuwynda. Sebäbi ol gursagynyň hormatly hasaplanýan ýeriniň eýesi Watanynyň agysyna aglap, gülküsine gülen adam. Şeýle ynsanlaryň biri 1991-nji ýylyň güýzünde türkmeniň bagty bolup dogan kuýaşyň ilkinji şatlykly buşlukçysy. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew. Şahyryň güýz paslynda ýazan «Garaşsyz» atly goşgusy biziň şanly Garaşsyzlygymyz hakynda kagyza geçirilen ilkinji şygyr. Bu şol wagt baýramçylyk üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolupdy. Häzir bolsa Atamyrat aganyň şol şygry nesilleriň gymmatly hazynasyna öwrüldi.
Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!
Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy
Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.
Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —
Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!
Atamyrat Atabaýew ýöne-möne buşlukçam däl. Ol buşluk habaryny çeper sözleriň üsti bilen, ýokary duýgy täsiri bilen berip bilen buşlukçy. Munuň şeýledigini aşakdaky setirlerem bir kemsiz beýan edýär.
Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.
Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!
Şahyr goşgusynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolandygy hakyndaky habary ýeke bir öz adyndan buşlaman, eýsem, tutuş agzybir türkmen halkynyň adyndan seslenipdir.
Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI