Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
    Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

    01/09/2024

    1324

    Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

    2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan kümüş saçly eneler we zenanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Ene — zemin mukaddesligi» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen badalga alan dabaraly maslahat Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol, ilki bilen, öz çykyşynda külli türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynyň pars diline terjime edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň zehin akabasyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda giňişleýin beýan edilýän ene mukaddesliginiň, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp nusgasydygyny nygtady.
    Soňra maslahat Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Ali Mardanyň, Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowanyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Orazbike Pirmuhammedowanyň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we mili golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedowyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyş edenler türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ene mukaddesligine ýugrulan kämil eseriň — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynyň pars dilinde okyjylara gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekdäki möhüm ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da, çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň Gahryman Arkadagymyza pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyny gowşurmagynyň aýratyn mana eýe bolandygyny buýsanç bilen bellediler. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde bu günki gün türkmen-eýran gatnaşyklary dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda has-da pugtalanýar.
    Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarowyň, Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň Folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowanyň, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewanyň, Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň ýerine ýetirmeginde mähriban enelerimizi, Watanymyzyň gülläp ösüşini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar dabaraly maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi surady

    23/06/2025

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK surady

    18/06/2025

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar! surady

    16/06/2025

    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI