30/11/-0001
732
Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalýan, durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry
2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda 2021-2022-nji okuw ýyly üçin ylalaşylan okuw maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda ministrligiň garamagyndaky edaralaryň işgärleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalýan Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Nobatdaky okuw tapgyrynyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň Sekretariatynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory degişlilikde Durnukly ösüş maksatlarynyň 3-nji maksady, Sagdyn durmuş we abadançylyk, Durnukly ösüş maksatlarynyň 8-nji maksady, Mynasyp işleri üpjün etmek, ykdysady ösüş, Durnukly ösüş maksatlarynyň 13-nji maksady, Howanyň üýtgemegine garşy göreş, Durnukly ösüş maksatlarynyň 15-nji maksady, Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak boýunça çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýola goýmagyň, bedenterbiýe maşklaryny dowamly ýerine ýetirmegiň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň peýdalaryny, şeýle hem mynasyp işleri üpjün etmegiň we ykdysady ösüşiň, gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamagyň, howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň we oňa uýgunlaşmagyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy